"Ätiýaçlandyryş merkezi" AGPJ-ti
Kärhanalaryň emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy
ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly
bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş
baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini
ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan
kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
1. Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) emläge
eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek bilen
baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýektleri
bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş şulara degişlidir:
a. jaýlar (önümçilik, edara, durmuş-medeni maksatly,
jemgyýetçilik tarapyndan peýdalanylýan we beýleki
binalar);
b. desgalar (minaralar, bogaldaklar,
gurallar we beýleki önümçilik-tehniki enjamlar);
c.
inženerçilik we önümçilik-tehnologik enjamlar
(kommunikasiýalar, ulgamlar, abzallar, elektron-hasaplaýyş
tehnikasy, stanoklar, geçiriji we güýç maşynlary, beýleki
mehanizmler we abzallar);
d. hojalyk jaýlary
(garažlar, zat saklanýan ýerler, ammarlar, bassyrmalar,
üsti ýapyk meýdançalar, germewler we ş.m.);
e.
aýratyn duran jaýlar (sehler, laboratoriýalar, otaglar we
ş.m.);
f. gurluşygy tamamlanmadyk desgalar;
g. esbaplar, tehniki abzallar;
h. bezeg predmetleri, mebel, öý goşlary;
i. haryt-maddy gymmatlyklar (harytlar, çig mal,
materiallar).
2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda başga ýagdaý göz öňünde
tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şulara degişli däldir:
a. milli we daşary ýurt pulundaky nagt pul serişdeleri;
b. paýnamalar, obligasiýalar we beýleki gymmatly kagyzlar;
c. golýazmalar, meýilnamalar, çyzgylar we beýleki
resminamalar, buhgalterçilik we işewür kitaplar;
d. modeller, maketler, nusgalyklar, görnüşler we ş.m.);
e. guýlan gymmat bahaly metallar we çarçuwasyz gymmatly
daşlar;
f. kompýuter we şoňa meňzeş ulgamlaryň maglumatlarynyň
tehniki göterijileri, hususan-da, magnit plýonkalary we
kassetalar, magnit diskleri, ýat bloklary we ş.m.);
g. markalar, monetler, pul birlikleri we kagyz pullar,
suratlar, kartinalar, heýkeller ýa-da beýleki
kolleksiýalar ýa-da sungat eserleri;
h. partlaýjy we partlama howply maddalar (benzin, dizel
ýagnyjy, ýag, gaz we ş.m.);
i. saklanýan ýa-da komissiýa berlen harytlar;
j. ulag serişdeleri, hereket edýän maşynlar, gurluşyk we
oba hojalyk ýa-da beýleki maşynlar;
k. ätiýaçlandyrylan jaýda ýerleşýän, ýöne ätiýaçlandyrýana
degişli bolmadyk emläk;
l. oba hojalyk mallary, köp ýyllyk ekinler we oba hojalyk
ekinlerinden alynýan hasyl;
m. awariýa ýagdaýyndaky jaýlar we desgalar, gurnama
elementleri we inženerçilik ulgamlary, şeýle hem olarda
ýerleşýän emläk;
n. opurylma, süýşme, suw basma howpy bolan zolakda ýa-da
beýleki tebigy betbagtçylyklaryň howp salýan zolagynda,
şeýle hem, eger bu habar ätiýaçlandyryş şertnamasy
baglaşylmazyndan öň berlen bolsa, bellenen tertipde bu
howp barada habar berlen pursatyndan başlap, harby
hereketleriň zolagynda ýerleşýän emläk;
o. dolanyşykdan çykarylan ýa-da dolanyşygy çäklendirilen
beýleki emläkler.
3. 7-nji bölümde sanalyp geçilen predmetleri
ätiýaçlandyrmak taraplaryň ylalaşygy bilen geçirilip
bilner we ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş
şahadatnamasyna) ýörite goşmaçalar bilen
resmileşdirilmelidir.